- ýetmek
- işlik1) Öňden gidip barýan ýa-da gaçyp barýan bilen deňleşmek.∙ Aýlaryň şatlygna bilbil heň etdi, Şol wagt ýeňseden bir göwre ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)∙ Meýdan içre ýetdiň bedew harladyp, Ylgaw edip, at alnyny derledip. («Görogly» eposy)2) Bir ýere barmak, belli bir ýere baryp ýetişmek.∙ Towşan bolsa, şol gaçyşyna bir gür jeňňellige ýetip, ýapraklaryň aşagynda gizlenip, özüni bilmän köp ýatypdyr. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)3) Paý düşmek, belli bir mukdarda berilmek.∙ Bu öten agşamky oljadan ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)4) Ýeterlik bolmak, geregiçe bolmak.∙ Ýer gyt däl welin, hany suw ýetýärmi? (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Bişirilen nahar hemmelere ýetdi.5) Almak, edinmek, gazanmak.∙ Bu zatlara ýetmek üçin diňe işlemek gerekdigine ol düşünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)6) Biriniň ýa-da bir zadyň täsiri geçmek, güýçli täsir etmek, sebäp bolmak.∙ Bu işin Göroglydan ýetenini aňlady. («Görogly» eposy)∙ Durdynyň ajy sözi Artyga kemsiz ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)7) Uzynlyk ölçegi boýunça belli bir möçbere deň bolmak.∙ Hažžygyň uzynlygy metr ýaryma ýetýär. («Mydam Taýýar» gazeti)8) Ýaşy, wagty, möhleti belli bir çene barmak.∙ Türkmenistan ýetdi on bäş ýaşyna. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)◊ akyly ýetmek — seret akyl∙ Ol indi ep-esli çaga bolupdyr, her bir zada akyly ýetýär.◊ arzuwa ýetmek — seret arzuw∙ Arzuwyňyza ýetmek üçin şu wagtlardan taryh sapagyny oňat öwrenmek gerek. («Mydam Taýýar» gazeti)◊ gözüň ýetmek — seret göz∙ Şu meselede baş çykarmaz ýaly çylşyrymly zat ýoguna gözüm ýetýä. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ maksada ýetmek — seret arzuwa ýetmek◊ myrada ýetmek — Arzuwyňa, maksadyňa ýetmek.◊ neşesi ýetmek — seret neşe◊ ýigit ýetmek — seret ýigit∙ Iliň seniň ýaly ýigit ýeten ogullary ot gorsaýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ ýüki ýetmek — seret ýük∙ Ýüküň ýeter gyjyt, gepden, Şonda meni bagyşla sen! (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)◊ ýüňi ýetmek — seret ýüň
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.